Adam bedeniniň beýleki agzalary ýaly, göz hem ýaşaýyş üçin iň zerur bolan agzalaryň biridir. Ynsanlar gözleriniň üsti bilen daş–töweregindäki bolup geçýän wakalary, planetada bizi gurşap alan jisimleri, jandarlary, janly we jansyz hereket edýän we etmeýän zatlary görmäge, olara baha bermäge mümkinçilik alýarlar. Bu şeýle bolsa-da, käbir ýagdaýda göz kesellerine duş gelmek bolýar. Has takygy, aýdylýan keselleriň biri hem şowakörlükdir.

Şowakörlükde uzak aralykda ýerleşen zatlary görmezlik bolýar. Ol dogabitdi we ýaşaýyşda ýalňyş hereketler esasynda gazanylan görnüşlere bölünýär.

Mekdep ýaşyndaky çagalarda miopiýa keseliniň gazanylan görnüşiniň öňüni almak üçin ene-atalaryň hem belli bir derejede jogapkärçiligi bardyr. Bu kesel häzirki zaman ylmyň we tehnikanyň ösýän döwründe köpelip, ene-atalar döwrebap tehnikalara uzak aralykdan seretmelidigini, olary ulanan wagtlarynda gözlerine dynç bermelidigini çagalaryna öwretmelidirler.
Gazanylan miopiýanyň öňüni nädip almaly? Geliň, käbir maslahatlara üns bereliň!
Çagalaryň görüş synalarynyň kadaly ösmegi we dogry işlemegi üçin synp otaglaryny hem-de okuwçynyň iş ýerini dogry we ýeterlik derejede ýagtylandyrmak zerurdyr. Tebigy ýagtylyk iň oňat ýagtylyk hasap edilýär. Şonuň üçin hem synp otagynyň meýdany näçe uly bolsa penjiresi hem şonça uly bolmalydyr.

Gözi uzak wagtlap ýadatmaly däl, lukmanyň maslahaty boýunça 20-30 minudyň dowamynda ýadaw gözlere maşk geçirmeli, awtoulaglaryň üstünde, şeýle-de, uçarda, otluda ýatan ýeriňde kitaplary okamak we telefonlary göze ýakyn tutmak dogry däldir, ýagtylyk ýok ýerinde telefondyr planşetleri açyp, uzak wagtlap ulanmak göz üçin has hem howpludyr.
Kompýuterde işlemek çäkli bolmaly, kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňünde oturanyňda oňurga sütüni gyşarmaz ýaly dik we göni oturmaly. Kompýuteriň ekrany bilen gözüň aralygy 50 santimetrden az bolmaly däl.

7 ýaşa ýetmedik körpeler ýarym sagatdan, 7-12 ýaş aralykdaky çagalar 1 sagatdan, 12-16 ýaş aralykdaky çagalar bolsa, 2 sagatdan köp ekranyň öňünde oturmaly däldir. 20 minut göreniňden soň, göze dynç bermek zerurdyr.

Gözüň görşüniň kadaly ösmegi üçin dürli witaminlere baý iýmitler ulanylmalydyr. Adam bedeniniň ösmegi üçin beloklar, ýaglar, mikroelementler, duzlar, witaminler ýeterlik derejede zerurdyr. Gözüň görejini, esasanam ýagtylygy kabul edýän içki (torly) perdesiniň damarlaryny, nerw ulgamlaryny berkitmek üçin gök önümleriň, ýagny, gara smorodinanyň, çernikanyň, käşiriň, almanyň, kädiniň, gawun-garpyzyň, erik-şetdalynyň we beýleki witaminlere baý önümleriň peýdasy uludyr. Olary gündelik ulanmak maslahat berilýär.

Gözüňe esasanam A witamin zerurdyr.
Çagalar hökman göz lukmanynda barlagda bolmaly. Göz keselleriniň irki alamatlary ýüze çykan halatynda, wagtynda degişli bejerginiň geçirilmegi zerurdyr.