Gyzyl, sary, ýaşyl, ak, mawy, melewşe reňkleri özünde jemleýän al-elwan güller diňe bir hoşboý yslary bilen däl, eýsem, göze ýakymly reňkleri bilen hem bagtyýar göwünlere süýji arzuwlary, ruhubelentligi bagyşlaýar. Güller goja zeminiň, bagtyýar günlerimiziň, toý-baýramlarymyzyň bezegi. Olaryň ählisi adamlaryň göwnüni göterip, şatlygyna şatlyk goşýar. Şonuň üçinem, toý-baýramlarda adamlar bir-birine owadan gülleri sowgat berýärler. “Göz görmekden doýmaz, adam — bilmekden” diýlişi ýaly, gül hem adama berlen eşretleriň biri. Ol diňe bir tebigatymyzy bezemek bilen çäklenmän, eýsem, ruhy dünýämizi hem baýlaşdyrýar.

Golaýda bize Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde gülleri ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan Orazbibi Gurbanowa bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Bu işde Orazbibi gelnejäniň ýanýoldaşy Kakanazar Gurbanow hem çetde durmaýar. Ol hünäri boýunça suratkeşdigine garamazdan, otag güllerini ýylyň bütin dowamynda ösdürip ýetişdirmekde irginsiz aladalanýar. Söhbetdeşligimiziň dowamynda Orazbibi gelnejä şeýle soraglar bilen ýüz tutduk.

— Orazbibi gelneje, bag-bakjaly, gül-güläleklere beslenen mellegiňiz bar ekeni. Siziň bu otag güllerini ýetişdirmegiňize näme itergi berdi?

— Maňa enem-atam ekin ekmegi, bag-bakja ösdürip ýetişdirmegi öwretdi. Ozal mellegimizde pomidor, hyýar ýaly ekinleri ýetişdirýärdik, indi 15 ýyl bäri ýanýoldaşym Kakanazardyr ogullarym we gelinlerim bilen bag-bakjadan daşary otag güllerini hem ýetişdirip gelýäris. Biz her gülüň diňe bir owadanlygyna däl, eýsem, saglyga ähmiýetini göz öňünde tutup, olaryň ösdürilip ýetişdirilişini öwrenýäris. Täze gülleriň gözleginde bolup, olary içgin öwrenmek üçin päk zähmetimizi gaýgyrman, halal zähmet çekýäris.

— Gelneje, otagda we daşarda ekilýän gülleri ýetişdirmek üçin olary keselden hem gorap saklamaly bolýandyr. Şeýle ýagdaýda näme edýärsiňiz?

— Gülleriň sagdyn ösmegine zyýan berýän mör-möjeklerden goramak üçin biz aýda bir gezek degişli derman serişdelerini ulanýarys. Olary ýörite witaminli suwlary bilen bilelikde ders çüýrüntgileri bilen hem iýmitlendirýäris.
Şeýle hem mellegiň süýji ýerinden gumy alyp, ony elekden geçirmegi maslahat berýäris. Elenen gumuň üstünden suw akytmaly. Şeýle etseň, toprak mör–möjeklerden arassalanýar. Eger-de, gülüň içinde gurçuk ýaly möjejikler bar bolsa, onda ol hemme güle däl-de, käbir ynjyk otag güllerine zyýan ýetirip biler. Şonuň üçinem topragyň näçe arassa bolsa, şonça-da gowy.

— Otag gülleriniň saklanylyşy barada ýene-de näme aýdyp bolar?

— Güli talabalaýyk saklamak üçin ony otagyň howasyna öwrenişdirmeli. Penjiräni açyp, gülli gaby öňünde goýmak bolmaýar. Gül şemaly halamaýar. Olar örän duýgur, näzik bolýar. Gül adamyň ysyny duýýar. Güli penjirede bezeg üçin goýup, oňa seredip oturmaly däl. Ony edil çagaňy söýşüň ýaly söýmeli, guwanmaly, yhlasyňy siňdirmeli. Eger-de, güli başga bir gaba geçirmek isleseň, onuň düýbüni guradyp, ondan soň geçirmeli. Gülüň düýbüniň çyg wagty göçürseň, onuň köküniň murtjagazlary dargaýar we ony täzeden kökletmeli bolýar. Düýbi berkänsoň, köki şol durşuna durýar, bölünmeýär, guramaýar.
Güller igläýen halatynda ýapragyny düşürip başlaýar, üşese, suwy köp bolsa , günüň dowamynda gün görmese, ol guramak bilen bolýar. Güle hepde-de bir gezek suw bermeli, ol günüň dowamynda 1-2 sagat gün şöhlesini görmeli.

— Ekýän gülleriňiziň arasynda dermanlyk häsiýetlisi hem barmy?

— Elbetde, otag gülleriniň diňe bezeg hökmünde däl-de, eýsem, olaryň ynsan saglygyna hem peýdaly ýerleriniň bardygyna göz ýetirdik. Muňa düşünýän zenanlar gelip, otag gülleriniň dermanlyk häsiýetlisini alyp gidýärler. Has takygy, geran demgysma, zob kesellerine peýdaly, kalanhoýe bolsa, sowuklamany bejerýär. Umuman, ekýän güllerimiziň içinde dermanlyk häsiýetlisi örän köp. Gül otagyň içini owadan görkezmek bilen çäklenmän, şol öýüň howasyny arassalaýar, göze görünmeýän mikroblary ýok edýär.

— Orazbibi gelneje, siz gül tohumlaryny, nahallaryny nireden alýarsyňyz?

— Gülleriň hiline, ähmiýetine görä sanlaryny köpeltmäge çalyşýarys. Aýratyn hem Lebap welaýatyndan, Aşgabat şäherinden gülçülik bilen meşgullanýanlardan alýarys. Olar bilen gülleriň saglyga peýdaly taraplary barada özara pikir alyşýarys.

— Siz gülden başga-da miweli baglara-da üns berýär ekeniňiz. Olar barada hem gysgajyk gürrüň beräýseňiz!

— Ýyladyşhanalarymyzyň birinde limon, hurma, ýaly birnäçe miweli agaç nahallaryny getirip, öz mellegimizde köpeldýäris.
Bizde ýyladyşhanalaryň üçüsi bar. Olaryň ikisinde gül nahallary we olaryň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

— Siziň bu käriňizi dowam etdirjekler barmy?

— Bu iş örän jogapkärli hem hysyrdyly iş. Güller bilen işleşmek üçin usully hem arassa bolmaly. Oglum Batyr, körpe gelnim Dilber öz çagalary bilen bagbançylyga örän höwesli. Olar hem güllere edil çaga ösdürip ýetişdiren ýaly oňat seredýärler. Maňa bu işde gelinlerim Arzygül, Aýjeren, ogullarym Döwletgeldi, Süleýman dagy kömekleşýär. Ýanýoldaşym hemişe ýanymda, bile işleýäris. Ýene-de kömekçiler Selbi Çörliýewa, Aýjahan Gurbanowa dagy daşyndan güllere ideg etmäge kömek berýärler. Agtyjaklarym Ahmet bilen Aýnur hem goldaw berýärler. Garaz, maşgala bolup arman-ýadaman zähmet çekýäris. Çekýän zähmetimiz ýerine hem düşýär.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Siziň gül döredýän elleriňize güller bitsin. Size işiňizde rowaçlyk arzuw edýäris!