Türkmenistanly futbol tälimçi Gurban Berdiýew 11-nji iýulda geçirilen Russiýanyñ premiýer ligasynyñ 28-nji tapgyrynda, «Soçi» — «Spartak» duşuşygyna bardy. Bu barada «Tatar-inform» habar berýär.

Bu duşuşykda «Soçi» öz meýdançasynda «Spartagy» 1—0 hasabynda utmagy başardy.

Usat hünärmeniñ haýsy maksatlar üçin Soça geleni intäk belli däl.