UFC ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow 24-nji oktýabrda Jastin Getji bilen söweşer.

Bu barada UFC-iň prezidenti Deýna Uaýt habar berdi. Mundan öň söweşiň Abu Dabida UFC 254-de boljakdygy barada habar peýda bolupdy.

Habib bilen Getji-niñ arasyndaky  söweşi 19-njy sentýabrda UFC 253-de meýilleşdirilipdi, ýöne söweşijiniň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedowyň ölümi sebäpli ýatyryldy.