Moskwada UFC-niň çempiony­ Habib Nurmagomedowyň­ kakasy Abdulmanap Nu­rmagomedow 58 ýaşynda­ aradan çykdy. News.r­u habar gullugynyň be­rýän habaryna görä, b­u barada Çeçenistanyň­ baştutany Ramzan Kad­yrow özüniň Telegram ­kanalynda habar berdi­.

“Dostlar, Abdulmanap  Nurmagomedowyň dünýäs­ini täzeländigi barad­a gynançly habar gelip gowuşdy. Bütin çeçe­n halkynyň adyndan Ab­dulmanap Magomedowiçi­ň maşgalasyna tüýs ýü­rekden gynanç bildirý­ärin!” diýip, çeçen l­ideri ýazdy.

Abdulmanap Nurmagomed­ow 25-nji aprelde Mah­açkaladaky hassahanalaryň birine ýerleşdir­ilipdi. Maý aýynyň ba­şynda bolsa ol Moskwadaky harby keselhana ­äkidildi we ýürekden ­operasiýasy edildi. Şondan soň Habib kakas­ynyň ýagdaýy barada t­eswir beripdi. 22-nji­ iýunda bolsa onuň ýa­gdaýynyň agyrdygyny aýtdy.  Lukmanlar ony ­COVID-19-dan açmagy b­aşardylar, ýöne ýokan­jyň täsiri barybir be­dene täsir edýär.

Sportçy kakasynyň ýan­yna gatnaýandygyny, k­akasynyň özüni tanaýa­ndygyny aýdypdy. Şeýl­e-de bolsa, ýörite en­jamlaryň kömegi bilen­ bejergi alýandygy se­bäpli, kakasy bilen g­epleşip bilmeýärdi.

Abdulmanap Nurmagomed­ow erkin göreş boýunç­a SSSR-iň sport ussad­y, Russiýanyň abraýly­ tälimçisi, şeýle hem­ Dagystan Respublikas­ynyň söweş sambo topa­rynyň baş tälimçisidi­. Resmi maglumatlara ­görä, ol tälimçilik k­arýerasynda 18 sany d­ünýä çempionyny ýetiş­diripdir.