Soçi şäherinde (Russiýa Federasiýasy) Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary Azat Myradowyň Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy.

Onda 2020-nji  ýylyň fewralynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan sambo boýunça dünýä çempionatyny guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda FIAS-niň wekilleriniň Aşgabada gözegçilik sapary bilen gelmekleri barada ylalaşyga gelindi.

Azat Myradow Aziýanyň sambo federasiýasynyň Prezidenti bilen hem duşuşdy.