«Realyň» ýarym goragçysy Hames Rodrigesiň gyşky transfer penjiresi döwründe başga topara geçmezligine garaşylýar. Onuň Madridiň toparynda galaýmagy doly mümkin.

«Marcanyň» habaryna görä, «Korollyk kluby» ýanwar aýynda kolumbiýaly futbolçy üçin gelýän teklipleriň ählisini yzyna gaýtardy.james rodrigues

 

Futbolça möwsümiň başynda «Napoliniň» hem isleg bildirendigini, ýöne «Realyň» ony satmak islemändigini ýatladýarys.

28 ýaşly Hames Rodriges şu möwsümde 10 duşuşyk geçirip, şolarda bir gol urdy, bir goluň hem pasyny berdi. Oýunçynyň «Real» bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlanar