Formula 1 boýunça möwsümiň 2-nji ýaryşy hem Awstriýada geçirildi. Spilberg şäherinde geçirilen ýaryşda «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy.

Ilkinji hatarda bat alan ussat sürüji 71 aýlawy 1 sagat 22 minut 50,683 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň karýerasyndaky 85-nji ýeňşi bolup, ol bu ugurda 91 ýeňiş bilen rekordyň eýesi Mihael Şumahere golaýlap barýar. Ýaryşda topardaşyndan 13,719 sekunt yza galan, 1-nji bäsleşigiň ýeňijisi, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji ýeri eýeledi.

«Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappeniň Werstappeniň 3-nji bolan ýaryşynda onuň tailandly topardaşy Aleksander Albon 4-nji orna mynasyp boldy. «Ferrari» toparynyň sürüjileri – Şarl Lekler bilen Sebastian Wettel ýaryşy tamamlap bilmediler. Geçirilen 2 ýaryşdan soň, Waltteri Bottas 43 utuk bilen 1-nji ýere eýe çykdy. Ondan 6 utugy kem Lýuwis Hamilton 2-nji, 26 utukly Lando Norris 3-nji orny eýeledi. Möwsümiň 3-nji ýaryşy 19-njy iýulda Wengriýada geçirildi.