Kataryň Al-Sadd klubynyň baş tälimçilik wezipesinde işleýän, Barselonanyň geçmiş futbolçysy Hawi Hernandez, koronawirus ýokaşma keselinden oňat bolandygyny aýtdy. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hawi: “Şu günlerde habar alyp we söýgi sözleriniz üçin köp sag boluň. Men sagalyp maşgalama gowşandygymy we toparyma gaýdyp gelendigimi siziň bilen paýlaşmak isleýärin” diýdip belläp geçdi.

Mundan başga-da ýakynda Kataryň 2019-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Al-Saddy bilen, 2021-nji ýylyň ýazyna çenli şertnamasyny uzalytdy. Ylalaşykda 40 ýaşly ispan hünärmeniň, Barselona toparyna gitmegine rugsat bermek mümkinçiligi hem bar.

Futbolçylyk karýerasynda Hawi, Barselona klub akademýasyndan  ýetişip 17 ýyllap toparyň ýarymgoragçysy bolyp çykyş edendigini bellemelidiris.