Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty Garaşsyzlyk gününiň şanyna geçiriler.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň giňden dabaralan-dyrylýan günlerinde – sentýabr aýynyň ahyrynda 8-nji gezek şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berler.

Bu çempionatda ýurdumyzyň hokkeý boýunça milli ýygyndylary, şol sanda paýtagtymyzyň “Galkan”, “Şir”, “Oguz han”, “Nesil” we “Watançy” ýaly iň güýçli hokkeý toparlary özara ýaryşarlar.