2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreiesus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyñ DIM-niñ resmi saýty habar berýär.

BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreiesus maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidenti bilen mähirli salamlaşdy hem-de birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak esasynda guralýan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge şahsy ýardamy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem BSGG-niň ýolbaşçysy milli Liderimize dünýäde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşmekde umumy tagallalara goşýan uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Baştutanyna söz berildi. Milli Liderimiz BSGG-niň ýolbaşçysy bilen salamlaşyp, şu duşuşygy guramak baradaky başlangyç üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk häzirki döwürde biziň hyzmatdaşlygymyz bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmak hem-de adamlaryň saglygyny goramakda has möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilik bolup durýar.

Türkmenistan özüniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agzalygynyň 28 ýylynyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge garaýyşlary kesgitleýän esas goýujy halkara resminamalaryna laýyk getirmek, lukmançylykda halkara kadalaryny ulanmak boýunça köp işleri amala aşyrdy.

Netijede, 25 ýyl mundan ozal ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edildi. Şonuň esasynda bolsa, saglygy goraýşyň lukmançylyk kömegini her bir raýata elýeterli etmäge gönükdirilen düýbünden täze nusgasy döredildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ara alnyp maslahatlaşylýan meselä degip geçmek bilen, häzir bütin adamzadyň täze ählumumy howp – koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny nygtady. Bu döwürde biz özümiziň çärýek asyryň dowamynda toplan oňyn tejribämize daýanyp, COVID — 19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri gördük diýip, Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalaryny koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Ýurtlaryň we halkara guramalarynyň bilelikde alyp barýan işleri öz oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen bir hatarda, heniz COVID – 19 ýokanjyna degişli köp sanly meseleler hem aýdyň bolman galýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz tekliplerini öňe sürýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Birinjiden, täze görnüşli ýokanjyň ýüze çykmagynyň sebäpleri häzire çenli doly çözülmedik mesele bolup durýar. Bu meseläniň üstünde häzir dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlary işleýär. Biziň pikirimizçe, şeýle işi netijeli geçirmek maksady bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ikinjiden, COVID — 19 ýokanjy sebäpli keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşleri çylşyrymly mesele bolup durýar. Örän ýakyn wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda bu keseli dogry anyklamak üçin, ilkinji nobatda, ýiti öýken sowuklama keseline duçar bolan döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

Üçünjiden, täze döreýän ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usullaryny kämilleşdirmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Biz degişli ýokanç keselleri bejermegiň beýanyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldawyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň düzüminde Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek meselesine seretmek hem maksadalaýyk hasaplanylýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus Türkmenistanyň Prezidentine mazmunly çykyşy hem-de teklipleri üçin hoşallyk bildirip, olaryň umumadamzat üçin ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan hemmetaraplaýyn öwrenilip, Türkmenistan bilen bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy onlaýn-maslahatyň ahyrynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de jemgyýetiň saglygyna abanýan täze howplara we wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge taýýarlygyň bardygyny bellediler.