«The Telegraph» neşiriniň ýazmagyna görä, şwesiýaly futbolçy Zlatan Ibragimowiç Angliýadan gelen teklipleriň ählisinden ýüz öwrüp, ozalky topary «Milan» bilen ylalaşyga geldi ― diýip, «Atavatan-turkmenistan» habar berýär.

Ýene-de iki ýyldan 40 ýaşaýan futbolçylarynyň «rassoneriler» bilen şertnamasy möwsümiň ahyryna çenli bolar. Häzir ol ― erkin oýunçy. Ibra ýakynda ABŞ-nyň «Los Anželes Gelaksi» topary bilen hoşlaşypdy.

Habarlara görä, «Milan» futbolçynyň transferini özüniň 100 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän gününde yglan etmekçi.

Ibrahimowiç  «Milanda» mundan ozal 2011 ― 2012-nji ýyllarda futbol oýnapdy. Onuň Italiýada «Milandan» başga-da, «Ýuwentus» we «Inter» toparlarynda hem futbol oýnandygyny ýatladýarys.