Iňlis hökümeti Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammet bin Salmanyň Nýukasly satyn almak baradaky uzak möhletli taslamasyna garşy çykdy.

Nýukasly 300 million funt sterlinge satyn almak isleýän Muhammet bin Salman, premýer-ligada uzak wagtlap tassyklanmady. Iňlis metbugatynda premýer-liganyň administrasiýasynyň garakçylyk ýaýlymlary we ş.m. aýyplamalar sebäpli bu satuwy makullamaýandygyny ýygy-ýygydan görkezýärdi.

Beýleki tarapdan, “Telegraf” gazetiniň habaryna görä, 16 Iňlis deputaty premýer-ministr Boris Jonhsona Nýukaslyň Muhammet bin Salmana satylmagyna garşydygyny we “sport abraýyny ýuwmak” operasiýasyna ýol berilmeli däldigini aýtdy.

Muhammet Bin Salman kim?

Muhammet bin Salman bin Abdulaziz al-Saud Saud Arabystanynyň täç şazadasy, Goranmak ministri we Salman şanyň ogly. Muhammet şeýle hem Saud Arabystanyň Korollyk kazyýetiniň prezidenti we Ykdysady meseleler we ösüş geňeşiniň prezidenti.