Ene topraga ekleýjisi hökmünde garaýan, ýeriň gadyr-gymmatyna oňat düşünýän daýhanlar oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Şeýle kärendeçiler Mary etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginde hem ýeterlik.

Daýhan birleşiginiň 1-nji toparyna baranyňda, kadaly ösüşdäki gowaçalarda synyň eglenýär. Bu toparda kärendeçiler her gektar ýeriň hasyllylygyny artdyrmak ugrunda aladalanýarlar.

— Biziň toparymyzda işine ezber kärendeçileriň biri Nurgylyç Durdyýewdir. Onuň 1 gektar gowaça ýeri bar. Munuň özi “Ýeriň azy, malyň köpi” diýilişi ýaly, az ýerden köp hasyl almagyň ilkinji şertidir. Biz daýhanlara agrotehnikanyň talaplaryna, iş tejribelerimize görä, ekine ideg etmek baradaky maslahatlary berýäris — diýip, topar ýolbaşçysy Arslan Gurbanow gürrüň berýär.

Islendik ekiniň öz-özünden bolman, oňa yhlasyň, irginsiz aladanyň gerek bolýandygyna oňat düşünýän Nurgylyç Durdyýew ekin meýdanynda otag, hatarara bejergi, iýmitlendiriş işlerini utgaşykly alyp barýar. Ol şu günler gowaçalaryň ujuny çyrpmak işi bilen meşgul bolýar. Çyrpym işini geçirmek gowaçanyň bol hasyl toplamagyna ýardam berýär. Bu kärendeçiniň gowaçaly meýdanyny synlanyňda, bitginli hasyl ýetişdirjekdigine göz ýetirýärsiň.