Ispaniýanyň La Ligasynyň 37-nji tapgyrynda Real Madrid Willarrealy kabul etdi. Duşuşyk “Alfredo di Stefano” stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Real Madrid bu ýeňiş bilen 34-nji gezek çempion boldy.
Madridliler iň soňky gezek 2016/2017 möwsüminde ýeňiş gazandy.

Geçen möwsümiň çempiony Barselona sanawda ikinji ýeri eýeledi. Real 86 utuk toplady we Barselonadan 6 utuk öňe geçdi.