Italiýanyň “Parma” klubynyň bir agzasyna koronowirus ýokuşdy.

Bu barada A seriýasy wekiliniň metbugat gullugy habar berdi. Habarda klubyň beýleki agzalarynyň ählisinde geçirilen koronowirus barlagynyň oňat netije berendigi aýdylýar. Koronowirus pandemiýasyna sezewar bolan ady agzalmadyk futbolçynyň bolsa bejergisine başlandy.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýagdaýyň A seriýasy dikeldileninden soň, klublarda  hasaba alnan ilkinji ýokuşmadygyny hem bellemeklik gerek.