Italiýa futbol çempionaty 2019/2020-nji ýylyň möwsümi, 38-nji tapgyrynyň final oýunlary bilen tamamlandy. Bu gutaran ýaryş-da aýratyn bellemeli zady, tutuş möwsümde 1154 pökgi geçirilip top-5 liga çempionatynda iň gowy netije bolandygyny görkezýär. Şeýlelik-de her oýunda ortaça 3.04 gol diýmek bolýar. Bu liganyň taryhynda beýle netije 4-nji gezek gaýtalanýar.
Bu möwsümi gutaran çempionatlaryň arasynda  Premýer liga 1034 pökgi we her oýunda ortaça 2.72 gol bolýar. Bundasligada 982 pökgi we her oýunda ortaça 3.21 gol. La ligada 942 pökgi we her oýunda ortaça 2.48 gol.  Möhletinden öň tamamlan Liga-1, 28 tapgyryň dowamynda 704 pökgi we her oýunda ortaça 2.53 gol bolandygyny bellemelidiris.