Barselonanyň dünýä belli ýyldyz oýunçysy,  Lionel Messiniň janköýerleri täze dogylan çagalaryna Leo diýip at goýýarlar.

Katalonýanyň statistika instituty sebitde täze dogylan çagalaryň arasynda, meşhur bolan atlary öwrendi.,,Marka”-nyň habaryna görä, 2019-nji ýylda Katalonýada dünýä inen 500 çaga Leo diýip at dakylypdyr. Bu bolsa, jahana inen bütün oglanlaryň 8.22% ini emele getirýär. Şeýle hem 2010-nji ýylda 136 çaga, 2017-nji ýylda bolsa, 433 çaga Leo diýip at beripdirler. Bu ösüş Barselonanyň  oýunçysy Lionel Messiniň meşhurlygy bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Sebitde iň meşhur oglan adynyň Markdygyna üns bermek gerek.