2022-nji ýylda Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä çempionatynyñ haçan başlap, haýsy stadionlarda geçiriljek wagtlary belli edildi.

Pars aýlag sebtindäki çarwa halklaryň ulanýan adaty çadyrlaryndan adyny we görnüşini alýan 60,000 orunlyk Kataryñ “Al Baýt” stadionynda 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýerli sagat bilen 13:00-da açylyş dabarasy bolar.

Toparçalaýyn oýunlar 12 gun dowam eder we her gün 4 duşuşyk oýnalar. Duşuşyklar ýerli wagt bilen 13:00, 16:00, 19:00 we 22:00 geçiriler, iñ soñky toparçalaýyn oýunlar bir wagtyň özünde oýnalar 18:00-da we 22:00-da.

“Halifa” halkara stadionynda 17-nji dekabrda üçünji ýer üçin pleý-off oýny geçiriler. Final duşuşygy bolsa bir günden soň ýagny 18-nji Dekabrda sagat 18:00-da 80.000 orunlyk “Lusaýl” stadionynda oýnalar.

Katar 2022 dünýä çempionatyna ýerleri bron etmek isleýänler üçin petek satuwy 2020-nji ýylyň ahyrynda başlar. Köpçülige bilet satuwy diňe FIFA.com/ticket arkaly amala aşyrylar, bu ýerde wagt tertibi, tapgyrlar, kategoriýalar we bahalar barada jikme-jik habar beriler.