Interiň baş tälimçisi Antonio Konte klubyň ýolbaşçylaryndan 180 million ýewro transfer býužetini talap etdi.

Itaýaly hünärmen hyjuwly durmuş gurmak isleýär. Konte, topara indiki ýyl çempionlyk şatlygyny ýaşatmaklygy örän tutanýerlilik bilen ýüregine düwdi. Munuň üçin köp mukdarda transfer býužeti talap edýär. Başlygyň, baş tälimçiniň isleýän oýunçylaryny işe aljagy-almajagy belli däl. Çünki, koronowirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan maliýe krizi Milan klubyndan da sowa geçmedi.

Başga bir habara görä, inter Konte bilen ýollaryny aýralaýar. Onuň ýerine bolsa Ýuwentusyň we Milanyň öňki baş tälimçisi Massimiliano Allegri geçer.