Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyrynda «Köpetdag» «Aşgabady» 1:0 hasabynda utdy. Bu barada Türkmenistanyň «Turkmenportal» informasion portaly habar berýär.

Duşuşyk köp ugurly «Aşgabat» stadionynyň goşmaça meýdanynda geçirildi.

Ýeke-täk pökgi derwezä oýnuň 67-nji minudynda girizildi. Onuň awtory Şiri Annaýewdir.

«Altyn asyr» bilen «Ahalyň» duşuşygy 24-nji aprele süýşürildi. Netijede entek tamamlanmadyk ikinji tapgyrda «Köpetdag» turnir tablisasynynda birinji orunda baýar. Onuň 4 utugy bar.