Şu gün, 15-nji iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň netijesinde “Serhetçi” toparyny 18:1 hasap bilen ýeňen  Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” topary ýaryş tertibinde 18 utuk  bilen birinji basgançaga düşdi.

Beýleki duşuşyklarda “Senagatbank” “Olimpden” 19:3, “Migrasiýa” bolsa “Daýhanbankdan” 4:1 hasabynda üstün çykdylar. “Gümrükçi” bilen “ Deňizçiniň” arasyndaky duşuşyk deňme-deň (4:4) tamamlandy.

Naýbaşy liganyň sekizinji tapgyry 17-nji iýunda geçiriler.

5-nji tapgyryň çäginde geçirilmeli “Deňizçi” – “Senagatbank” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 20-nji iýunda sagat 11:00-da oýnalar.

 VII tapgyryň netijeleri:                         

 

Oýun 25 “Senagatbank” “Olimp” 19:3
Oýun 26 “Serhetçi” “Köpetdag” 1:18
Oýun 27 “Gümrükçi” “Deňizçi” 4:4
Oýun 28 “Migrasiýa” “Daýhanbank” 4:1

 

VII TAPGYRDAN

SOŇ ÝARYŞ TABLISASY:

T/b TOPARLAR O Ý D U T +/- U
 
1.   KÖPETDAG 7 6 0 1 41-6 +35 18
2.   DAÝHANBANK 7 5 0 2 38-22 +16 15
3.   MIGRASIÝA 7 4 1 2 23-15 +8 13
4.   GÜMRÜKÇI 7 4 1 2 29-18 +11 13
5.   SENAGATBANK 6 3 0 3 42-14 +28 9
6.   DEŇIZÇI 6 2 2 2 19-18 +1 8
7.   SERHETÇI 7 1 0 6 26-63 -37 3
8.   OLIMP 7 0 0 7 13-65 -52 0

 

Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar, (+/)-top gatnaşygy;U-utuk;

 

 

Geçirilmeli duşuşyklar:

 

17.06.2020 ý. VIII-tapgyr                        

 

Oýun 29 “Serhetçi” “Olimp” 11:00
Oýun 30 “Gümrükçi” “Köpetdag” 13:00
Oýun 31 “Migrasiýa” “Deňizçi” 15:00
Oýun 32 “Senagatbank” “Daýhanbank” 17:00

 

 

19.06.2020 ý. IX-tapgyr                        

 

Oýun 33 “Olimp” “Daýhanbank” 11:00
Oýun 34 “Serhetçi” “Gümrükçi” 13:00
Oýun 35 “Deňizçi” “Senagatbank” 15:00
Oýun 36 “Köpetdag” “Migrasiýa” 17:00