Angliýa çempionatynyň 34-nji tapgyrynda “Çelsi” toparynyň futbolçylary  “Kristal Pelas” toparyndan üstün çykdylar. Duşuşyk “Kristal Pelas”stadionynda geçirilde we oýun 3:2 hasabynda tamamlandy. Diýmek, “Kristal Pelas” bilen “Çelsi”  arasyndaky futbol oýnunda jemi 5 gol geçirilipdir.

Ýeňijiler tarapyndan gollary Oliwýe Girud (6-njy minut), Kristian Pulişiç (27-nji minut) we Tammi Abraham (71-nji minut) geçirdi. Meýdança eýelerinden bolsa Wilfrid Zaa (34-nji minut) we Kristian Benteke (72-nji minut) gol geçirdi.

“Çelsi” 60 utuk (oçko) bilen ýurduň Premýer Ligasynda üçünji orunda barýar. Yzygiderli dördünji gezek ýeňlişe sezewar bolan “Kristal Pelas” 42 utuk (oçko) bilen 14-nji ýerde durýar.

34-nji tapgyryň beýleki oýnunda “Watford” öz öýünde “Norwiç” toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.