Kriştiano Ronaldo indiki möwsümde Ýuwentusda galar.

Bu barada Italýanyň Tuttosport neşiri habar berýär. Bu neşiriň habaryna görä, portugaliýaly futbolçy Turin klubynda öz geljegine ynanýar we toparyny üýtgetmeklik barada pikir hem etmeýär.

Häzirki wagtda Ronaldonyň esasy maksady “Altyn aýakgap” baýragyny gazanmakdyr. Ýadyňyzda bolsa, mundan ozal Kriştianonyň Ýuwentusy taşlap gitmek isleýändigi, hatda onuň Çelsä gitmek niýetiniň hem bardygy barada myş-myşlar ýaýrapdy.