“Latsio” klubynyň futbolçysy Patrik Kabarron Italiýa A seriýasynyň 31-nji tapgyrynda “Leççe” klubyndan bolan garşydaşyny dişledi.

Ispaniýaly goragçy duşuşygyň esasy wagtyna goşulan minutlarynda jerime urgusy mahalynda garşydaş futbolçysy Culio Donati bilen dawa etdi. Kabarron pozisiýa saýlamaklyk üçin göreşip barýarka, garşydaşynyň goluny dişledi. Emin oýunçyny gyzyl petek bilen stadiondan kowdy.

Ýeri gelende aýtsak, oýunyň “Leççe” klubynyň 2:1 ýeňşi bilen tamamlanandygyny bellemelidiris.