Bawarýanyň hüjümçisi Robert Lewandowiski, Liwerpulyň baş tälimçisi Ýurgen Kloppy iň gowy görýän hünärmeni bolandygyny aýtdy.

Sosial media hasabyndan soraglara jogap beren 31 ýaşly polýak futbolçysy, soňky iki ýylda UEFA Çempionlar ligasynda we Angliýanyň premýer-ligasynda çempion bolan Germaniýanyň tälimçisini iň gowy tälimçileriň hataryna goşdy.

Kloppyň iki ýüzüniň bardygyny mälim eden ýyldyz futbolçysy: “Bir ýüzi ata meňzeýär, beýlekisi tälimçi. Bu futbol oýunçylary üçin uly itergi çeşmesi. Nirede durmalydygyny bilýänligi üçin muny gaty gowy edýär”, diýip jogap berdi.

2010-14-nji ýyllarda Kloppyň tälimçiligindäki Borussiýa Dortmundyň toparynda bolan Lewandowski bu döwürde iki gezek Bundesligada çempion boldy we bir gezek UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda oýnady.