Angliýanyň “Liwerpul” futbol klubynyň oýunçysy Adam Lallana şu möwsüm gutaranyndan soň topardan çykar. Bu barada Premýer Liganyň baş tälimçisi Ýurgen Klopp habar berýär.  Bu nemes hünärmeni 32 ýaşly ýarymgoragçy bilen şertnamanyň özara ylalaşyk arkaly täzelenmejekdigini aýdyp şeýle diýdi: “Adamyň “Liwerpul” futbol klubyndan gitjekdigi düşnüklidir. Ol gowy oýunçy we türgenleşige gatnaşmaklyk bilen hemmelere görelde bolýar. Adam futbol ugurdan hakyky hünärmen, biz oňa köp hormat goýýarys. Meniň üçin Adam eýýäm  “Liwerpul” futbol klubynyň rowaýatydyr we indiki möwsümden başga bir ýerde rowaýat bolup biler”.

Ýeri gelende aýtsak, Adam Lallananyň 2014-nji ýyldan bäri  “Liwerpul” futbol klubynda oýnaýandygyny bellemek gerek[1].

[1] Çeşme: Milli.Az