Häzir karýerasyny Özbegistanyň AGMK-sinde dowam etdirýän ildeşimiz Arslanmyrat Amanow Daşkendiň «Lokomotiw» futbol toparynyň taryhyndaky iň gowy 10 legioneriň sanawyna girizildi.

Bu sanaw «Lokomotiwiň» resmi saýty tarapyndan düzüldi.

Ýeri gelende aýtsak, Arslanmyrat Amanow Daşkent şäheriniň toparynda 2019-njy ýylda futbol oýnady. Ol Superligada geçiren 23 duşuşygynda 4 gol geçirdi.

Sanawda Braziliýadan Ewerton Kawalkante, Russiýadan Aleksandr Filimonow, Ýewgeniý Gogol, Gruziýadan Kahi Maharadze, Ermenistandan Žora Oganesýan, Täjigistandan Akmal Holmatow, Serbiýadan Nemanýa Ýaniçiç, Igor Ýeliç, Ýowan Jokiç dagylar bar.