«Altyn asyr» futbol toparynyň derwezeçisi Mämmet Orazmuhammedowyň 2018-nji ýyldaky seýwi AFK-nyň kubogynyň soňky ýyllardaky iň owadan pökgi gaýtaryşlarynyň bäşligine goşuldy.

Ol 2018-nji ýylyň awgust aýynda Hindistanyň «Bengaluru» toparynyň hüjümçisi Sunil Çetriniň güýçli urgusyny ussatlyk bilen gaýtarypdy. AFK-nyň bu gaýtaryşa ýokary baha berdi.

Häzir konfederasiýa AFK-nyň kubogyndaky derwezeçileriň iň owadan bäş hereketiniň arasynda ses berlişik geçirýär. Mämmet Orazmuhammedowa konfederasiýanyň resmi saýtyndan ses berip bolýandygyny ýatladýarys.​ ​