“Mançester siti” klubynyň indiki iki möwsümde Çempionlar ligasyndan çykarylmasy karary ýatyryldy.

Sport Arbitraž kazyýeti (CAS) şu günki ýygnagynda bu klubyň şikaýatyny goldady. Şol bir wagtyň özünde hem, UEFA klubyň jerimesini 30 million ýewrodan 10 million ýewro çenli azaltmak kararyna geldi. Bu barada Sport Arbitraž kazyýetiniň – CAS-iň resmi web saýtynda habar berildi.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Mançester siti” kluby öň adalatly oýun düzgünlerini bozdygy üçin UEFA tarapyndan 2 ýyllyk Ýewro kuboklaryndan uzaklaşdyrylmyşdy we 30 milýon ýewro mukdarynda jerime salynmyşdy.