Mançester Ýunaýted tomusky transfer meýilnamalary ýarymgoragçy Pol Pogbanyň toparda galmagyna ýa-da galmazlygyna baglydyr.

 Daily Mail-iň habaryna görä, fransuz oýunçy topardan gitse, Aston Willa-nyň hüjümçi ýarymgoragçysy Jek Grielişi kluba goşmak üçin synanşarlar. Şeýle hem gyzyl şeýtanlar, Pogbany satmakdan alnan girdejiniň bir bölegini Borussiýa Dortmundyň 115 million funt talap edýän ýarymgoragçysy Jeýdon Sançonyň transferinde ulanmak isleýärler.

Pogbanyň Mançester bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam edýär. Oýunçy Real we Ýuwentus tarapyndan gyzyklanma bildirilýär.