Horwatiýa milli ýygyndysynyñ öñki agzasy Mario Mandzukiçiñ täze kluby yglan edildi.
Ýakynda Kataryñ ,,Al-Duhail” klubynda oýnan 34 ýaşly hüjümçi Fiorentina bilen şertnama baglaşdy. Italiýa topary onuñ bilen, ýyllyk 3 million girdeji gazanmak üçin 2+1 ýyllyk şertnama baglaşar diýip, euro-football.ru habar beryar.

Ýyldyz oýunçy ozal Italiýada 2015-nji ýyldan 2019-nji ýylyñ dekabyr aralygynda Ýuwentusda oýnady. Horwatiýaly hüjümçi Bawariýa, Atletiko Madrid ýaly güýçli toparlarda hem çykyş edipdi.