Marotta, Messini geçirmek mümkinçiligi barada ,,Hiç bir italýan kluby muny edip bilmez.”

“Inter”-iň baş direktory Juzeppe Marotta, hiç bir italýan klubynyň eýeleriniň çynlakaý maliýe goldawy bolmazdan, Barselonanyň hüjümçisi Lionel Messä gol çekdirip bilmejekdigine ynanýar.

“Footboll Italia” metgubaty, Marotta sözlerine salgylanyp, “Finansal Fair Play sebäpli haýsydyr bir italýan klubynyň beýle transfer etmegine mümkinçilik ýok. Biz hem bu düzgünleri berjaý etmeli. Şol sebäpli beýle transfere mümkinçiligimiz ýok “-diýdi.