Ertir ýurdumyzyň mary welaýatynda geçiriljek derbi garşylaşmasynyň öňi syratynda toparlaryn ýaşlar ýygyndysy şu gün öz aralary duşuşyk geçirdi. Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi “Merw II” – “Energetik II” toparlaryň Baýramaly “Sport toplumy” stadionda duşuşygy geçdi.

Çekeleşikli geçen oýunda “Merw II” topary 2:1 hasap bilen “Energetik II -ni” ýeňmäni başardy.

Duşuşygyn birinji ýarymy 0:0 hasap bilen tamamlandy. Oýnun 66-njy we 74-nji minutlarynda “Merw II” toparynyň futbolçysy Myrat Öwezmyradow özünün hemde toparynyň 2 golyny geçirmegi başardy. 83-nji minudynda Baýram Atayew 11-metrlik jerime urgy bilen hasaby 2:1-e getirdi. Şeýlelik bilen duşuşyk “Merw II” 2:1 “Energetik II” hasap bilen tamamlandy.

Ýatladyp geçsek ertir baýramaly şäherinde ýerleşen “Sport toplumy” stadionda Merw bilen Energetik Ýokary liganyň 2-nji tapgyrynda güýç synanyşar.

2-nji tapgyryň duşuşyklary:

11.03.2020 ý. (çarşenbe)

Merw” – “Energetik

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Baýramaly ş.

Başlanýan wagty: 16:00

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)