Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Mary şäherinde geçirilen 12-nji tapgyryň ilkinji duşuşygy uly hasap bilen tamamlanyp, onda «Migrasiýa» «Olimpi» 16:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.  «Daýhanbank» «Serhetçi» bilen geçiren duşuşygynda deňlik bilen oňňut etmeli boldy (2:2). «Gümrükçi» bilen 0:0 hasabynda oýnan «Senagatbank» topary ýaryş tertibinde dördünji orna geçmegiň hötdesinden geldi. «Deňizçi» bilen duşuşan «Köpetdag» topary bolsa Naýbaşy ligasyndaky 10- njy ýeňşini gazandy (3:2). Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň utugyny 31-e ýetiren Türkmenistanyň Içeri  işler ministrliginiň «Köpetdagy» birinji orny eýelemegini dowam edýär. 23 utuk toplan «Migrasiýa» ikinji, 22 utugy bolan «Gümrükçi» üçünji orunlary eýeleýärler

 

 

.