Boks boýunça agyr agramyň öňki çempiony Maýk Taýson howply ýyrtyjy – ak akula garşy göreşmäge razy boldy.

Ady rowaýata öwrülen Amerikaly boksçy “Discovery” kanalynyň “Akula hepdeligi” teleýaýlymyna gatnaşar. Bu barada programmanyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu Duşuşyga 9-njy awgustda geçirilmegine garaşylýar. Söweşiň haýsy formatda boljakdygy entek yglan edilmedi.

Boks boýunça dünýä çempiony 53 ýaşly Taýson professional boks karýerasynda 58 söweş geçirip, şolaryñ 50-de ýeňiş gazandy we alty gezek ýeňildi.