Boks boýunça agyr agramyñ öñkü çempiony, 54 ýaşly Maýk Taýson we 51 ýaşly Roý Jons 12-nji sentýabrda söweşer.

“The Guardian” neşiriniñ habaryna görä, söweş görkezme sergi oýny bolar. Sekiz rauntdan ybarat bolan bäsleşik Kaliforniýada (ABŞ) geçiriler.

Belläp geçsek, Maýk Taýson iñ  soňky söweşini 2005-nji ýylda professional derejede geçirdi we,  Kewin MakBraýdan-dan ýeñilipdi. Ol ýaňy-ýakynda birnäçe sergi söweşleri geçirmek üçin sporta gaýdyp geljekdigini yglan edipdi we ajaýyp fiziki görnüşini görkezýän birnäçe wideo ýerleşdirdi. Taýson geçiren 58 söweşiniñ  50-de ýeňiş gazandy.

Roý Jons barada aýdylanda bolsa, soňky söweşini 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçiripdi we Skott Sigmony eminleriñ biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiş gazandy. 77 söweş geçirip, 66-da  ýeňiş gazandy.