Serdar Azmun
Serdar Azmun

Sankt-Peterburgyň «Zenit» futbol klubynyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun ýylyň jemleri boýunça Aziýanyň iň gowy oýunçysy üçin berilýän ses berlişige goşuldy. 24 futbolçylyk sanawda «Rostowyň» özbegistanly hüjümçisi Eldor Şomurodow hem bar.

«Turkmenportalyň» ýazmagyna görä, «Fox Sport Asia» internet-neşiri tarapyndan geçirilýän ses berlişikde «Liwerpula» ýakynda goşulan ýaponiýaly Takumi Minimano, «Tottenhemiň» we Koreýa Respublikasynyň hüjümçisi Son Hyn Min we «Guançžou Ewergrandyň» braziliýaly ýarym goragçysy Paulinýo hem bar.

sardar azmoun
Serdar Azmun

Ses berlişige yklymyň meşhur sport žurnalistleri gatnaşýarlar. Bu ses berlişik AFK-nyňkydan aýrydyr. Mälim bolşy ýaly, AFK tarapyndan geçirilen ses berlişikde 27 ýaşly hüjümçi Son Hyn Min ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy diýlip yglan edilipdi.