Barselonanyň dünýä belli ýyldyz futbolçysy Lionel Messi, Real Madridiň öňki derwezeçisi Iker Kasilýasyň 39 ýaşynda futbol karýerasyny gutarmagyna mynsypdygyny bildirdi.

Ispan metbugatynyň habaryna görä, Argentinaly hüjümçi: “Iker futboldan gidýär, ýöne futbol taryhynda uzak wagt bäri bar. Diňe bir ligadaky oýuny bilen däl, eýsem halkara derejesinde gazanan üstünligi bilenem ýatda galdy. Kasilýas ajaýyp derwezeçi. Oňa garşy oýnamak maňa kyn boldy. Ýöne yzymyza seretseň aramyzda uly bäsdeşlik boldy diýip pikir edýärin.” diýmegi bilen hormat goýýandygyny bildirdi.

Iker Kasilýasyň futbol ömürinde gazanan üstünlikleri:

5 La Liga
2 Ispaniýa kubogy
4 Ispaniýa super kubogy
3 Çempionlar ligasy
2 Super kubok UEFA
1 Kantinent ara kubogy
1 Klublar arasy dünýä çempiony
2 Portugaliýa çempiony
1 Portugaliýa kubogy
1 Portugaliýa super kubogy
1 Ispan ýaşlar düzümi bilen dünýä çempion
1 Ispan U-16 Ýewropa çempiony
1 Meridiana kubogy
1 Dünýä çempiony
2 Ýewropa çempiony