Milan Serie A-da 1989-nji ýyldan soñra Ýuwentusuñ derwezesine 4 gol geçirmegi başardy.

Turinlaryñ 2 gol atmagyna garamazdan ruhdan düşmän hüjümini güýçlendiren Milan, 31 ýyldan soñra gelen 4 golyny 18 minudyñ içinde salmagy başaryp, ynamly ýeñiş gazandy.

Milan 4-2 Ýuwentus

Milanyň San Siro stadionynda oýnalan oýnuň birinji ýarymy golsyz deňlik bilen tamamlandy.

Ikinji ýarym çalt başlan topar myhmanlar boldy we 47-nji minutda Adrien Rabiot Ýuwentusy öňe geçirdi: 0-1.

Duşuşygyň 53-nji minutynda Ýuwentusyñ portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldo hasaby 0:2 ýetirdi.

62-nji minutda “Milanyň” jerime urgusyny tora girizen Zlatan İbrahimowiç tapawudy 1-e azaltdy: 1-2.

Duşuşygyň 66-njy minutynda Frank Kessi hasaby deňledi :2-2.

1 minutdan soň, Rafael Leao Milany öňe geçirdi: 3-2.

Duşuşygyň ýer eýesi “Milan” 80-nji minutda Ante Rebigiň goly bilen: 4-2 hasabynda yeniş gazandy.

ýazar: Hoşgeldi Baýramow