Üstümizdäki ýylyň 9—15-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçiriler.

Oňa ýurduň güýçli toparlary gatnaşarlar we bu abraýly baýragy almak ugrunda göreşerler.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda ýokary ligada oýnaýan erkekler klub toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň woleýbol boýunça çempiýonaty tamamlandy. Çekeleşikli geçen duşuşyklar sportuň bu görnüşiniň ýaşlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezdi. Onuň jemleri federasyýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň hem gyzykly geçjekdigine şaýatlyk edýär.