Düzüminde futbol boýunça milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem çykyş edýän AGMK-niň baş tälimçisi Mirjalol Kosimow «Championat.asia» saýty tarapyndan ýurduň Özbegistanda iýul aýynyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Bu barada «Turkmenportal» habar berýär.

Saýtda hem nygtalyşy ýaly, iýul aýynda Superligada üç tapgyryň duşuşyklary geçirildi. AGMK bolsa şolaryň ikisinde ýeňiş gazanyp, birinde deňme-deň oýnady. Has takygy, «Nasaf» bilen «Kukon-1912-ni» ýeňen Almalyk şäheriniň topary çempionlygyň esasy dalaşgäri «Pahtakor» bilen deňme-deň oýnady.

AGMK yzda galan 9 tapgyrda «Pahtakordan» 1 utuk az ýygnap, ýaryşyň ikinji basgançagynda barýar. Ol möwsümde utulmadyk ýeke-täk topardyr.​ ​ ​