Täze görnüşli koronawirusyň (Covid-19) ýaýramagy sebäpli yza süýşürilen 2020 MotoGP dünýä çempionaty, 19.07.2020-de Ispaniýa Gran Prisi bilen başlady. Bu ýylky ýaryşlarda, gözler soňky 4 ýylda çempion bolan “Red Bull Honda” sürüjüsi Mark Markesde bolar.

2013-nji ýyldan bäri MotoGP-de 56 ýaryş ýeňşini gazanmak bilen 95 gezek münbere çykan ispan sürüji, bu möwsümiň iň köp çempiony bolup, geçen ýyl MotoGP taryhynda iň ýokary bal (420) ýygnamak bilen tamamlady.

Soňky 7 ýylda 6 gezek çempion bolmagy başaran we jemi 8 çempionlyk gazanan Markes möwsümi ýeňiş bilen açmak islesede, soňky aýlawlarda awriýa geçirdi we ýaryşdan çekilmeli boldy.

“Petronas Yamaha”-nyň fransuz piloty Fabio Kwartararo ýaryşy 41.23.796 wagt bilen tamamlady we karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.

Liderden 4,6 sekunt soň pellehanadan geçen “Monster Energy Yamaha” toparyndan Mawerik Winales 2-nji, “Dukatiden” Andrea Dovizioso, Kwartararodan 5,9 sekunt yzda 3-nji boldy.

MotoGP-de möwsümiň ikinji ýaryşy 26-njy iýulda ýene-de Jerez Track-de geçiriler.

 

Seyitmuhommet Jumadurdyyew