Futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň nobatdaky tapgyrlary Mary şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýurdumyzda futzaly ösdürmekde uly tagalla edýändigini aýratyn bellemek gerek. Muňa, Naýbaşy ligasynyň oýunlarynyň diňe bir paýtagtymyzda dal-de, eýsem-de, Mary, Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda geçirilýändigi hem doly şaýatlyk edýär.

Naýbaşy Kubogynyň oýunlarynyň ýurdumyzyň dürli künjeginde geçirilmegi futzal boýunça milli ýygyndy toparymyzda çykyş edýän futzalçylarymyzyň ýokary netijeleri gazanmagyna hem oňyn şert döreder. Bu babatda edilýän tagallalar milli ýygyndymyzyň halkara ýaryşlarynda gazanjak ýeňişlerine uly itergi berer.

Naýbaşy ligasynyň duşuşyklarynyň 25-nji, 26-njy hem-de 27-nji iýunda geçiriljek nobatdaky üç tapgyryny Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýardam bermeginde Mary şäheri kabul eder.

Şeýle-de, futzal boýunça geçirilýän oýunlar Daşoguz we Balkan we welaýatlarynda hem geçiriler diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi web saýty habar berýär.

X tapgyryň netijeleri:
Oýun 33 “Olimp” – “Daýhanbank” 3:6
Oýun 34 “Serhetçi” – “Gümrükçi” 4:5
Oýun 35 “Deňizçi” – “Senagatbank” 1:3
Oýun 36 “Köpetdag” – “Migrasiýa” 4:2IX TAPGYRDAN
SOŇ ÝARYŞ TABLISASY:

SOŇ ÝARYŞ TABLISASY:

T/b TOPARLAR O Ý D U +/- U
1. KÖPETDAG 9 7 1 1 37 22
2. DAÝHANBANK 9 6 1 2 19 19
3. GÜMRÜKÇI 9 5 2 2 12 17
4. MIGRASIÝA 9 5 1 3 7 16
5. SENAGATBANK 8 4 1 3 30 13
6. DEŇIZÇI 8 2 2 4 -2 8
7. SERHETÇI 9 2 0 7 -26 6
8. OLIMP 9 0 0 9 -77 0
Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar,
(+/-)-top gatnaşygy;U-utuk;Geçirilmeli duşuşyklar:
25.06.2020 ý. X-tapgyr    Mary welaýaty
Oýun 37 “Gümrükçi” – “Olimp” 11:00
Oýun 38 “Migrasiýa” – “Serhetçi” 13:00
Oýun 39 “Daýhanbank” – “Deňizçi” 15:00
Oýun 40 “Senagatbank”– “Köpetdag” 17:00
26.06.2020 ý.XI-tapgyr
Oýun 41 “Olimp” – “Deňizçi” 11:00
Oýun 42 “Serhetçi” – “Senagatbank” 13:00
Oýun 43 “Gümrükçi” – “Migrasiýa” 15:00
Oýun 44 “Köpetdag” – “Daýhanbank” 17:00

27.06.2020 ý. XII-tapgyr

Oýun 45 “Migrasiýa” – “Olimp” 11:00
Oýun 46 “Daýhanbank” – “Serhetçi” 13:00
Oýun 47 “Senagatbank” – “Gümrükçi” 15:00
Oýun 48 “Deňizçi” – “Köpetdag” 17:0