NBA-nyň beýanynda koronawirusyň (Kowid-19) täze görnüşi sebäpli 11-nji martda togtadylan liganyň 22 topar bilen, Florida ştatynyň Orlando şäherindäki ESPN-iň, dünýä sport toplumynda dowam etjekdigi habar berildi.

Liganyň 31-nji iýulda 22 topar bilen başlajakdygy we her toparyň adaty möwsümiň ahyryna çenli 8 oýun oýnajakdygy mälim edildi.

Saýlanan 22 toparyň konferensiýalarda ilkinji 8 orny eýelejek toparlar we ilkinji sekiz bilen aralaryndaky ýeňiş sany, 6 ýa-da has az ýeňiş gazanan toparlar boljakdygy mälim edildi, degişlilikde gündogar konferensiýasyndan 9 topar we günbatar konferensiýasyndan 13 topar möwsümde dowam eder.

Liganyň tamamlanmagy bilen sekizinji we dokuzynjy toparlaryň arasynda 4 ýa-da ondan az ýeňiş tapawudy bar bolsa, sekizinjini, toparlaryň özara pleý-off ýaryşy arkaly saýlanjakdygy aýdylýar.

22 toparlyk formatyň kabul edilmegi sebäpli 8 NBA topary möwsümi tamamlady. Gündogar konferensiýasyndan Şarlot Hornets, Çikago Bulls, Nýu-Yorkork Niks, Detroýt Pistons, Atlanta Hawks we Kliwlend Kawaliers; günbatar konferensiýasyndan Minnesota Timberwolves we Golden State Warriors bu formatyň kabul edilmegi sebäpli möwsümi tamamladylar.

Ähli zat gowy bolsa, NBA ýolbaşçylary finaly 12-nji oktýabrda tamamlamagy meýilleşdirýärler.

Beýleki tarapdan, koronawirus sebäpli yza süýşürilen 2020 NBA “DRAFTY”-nyň 15-nji oktýabrda geçiriljekdigi habar berildi.

Seýitmuhommet Jumadurdyýew