Вахыт Оразсахедов

Pfcnavbahor.uz saýtynyň ýazmagyna görä olarda synagdan geçýän ildeşimiz Wahyt Orazsähedow yzyna dolandy. Bu hakynda olar “Nowbahar” heniz turkiýa ugramanka habar beripdiler. Gyzykly ýeri olaryň habaryna görä düýn ýagny 28-nji ýanwarda namanganlylar Aşgabadyň “Ahaly” bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Duşuşyk 1-0 hasabynda, Nawbahoryñ peýdasyna tamamlandy. Duşuşykda geçirilen ýeketäk pökgüni, 29-njy minutda penalti urgusyndan Şaripow öz adyna ýazdyrmagy başardy.