Adaty noýbanyň halk tebipçiliginde we lukmançylykda giňden ulanylýandygyny bilmegimiz gerek.

Dermanlyk üçin noýbanyň tohumyndan arassalanan kösügi ulanylýar. Onda aminokislotalar, fosfor, demir, kalsiý, witaminleriň köpüsi, sink, mis we ş.m. maddalar köpdür. Noýba garyn sekresiýasyndaky şiräniň emele gelşini güýçlendirýär. Onuň gök önümlerden gyrlyp-garylyp edilen taýýarlanan peti içagyry, bagyr kesellerinde, şeýle hem gan basyşy ýokarlananda, ýüregiň işi gowşanda peýdalanylýar. Noýbanyň gülünden gaýnadylyp alynýan şire böwrekdäki daşy erediji, uny bolsa deride emele gelen örgünleri aýryjy hökmünde hem-de çagalaryň içi geçen wagtynda ulanylýar.

Türkmen halk lukmançylygynda noýbanyň uny ýa-da ary baly garylan kösügi ýara bitiriji serişde hökmünde we deri keselleri bolan başlary, ekzemany, iriňli çykuwlary, çybanlary bejermekde peýdalanylýar.
Ylmy lukmançylykda ösümligiň süýjüligi peseldiji häsiýetleri ýüze çykaryldy. Ol aşgazan şiresiniň we aşgazanasty mäziň sekresiýasyny güýçlendirýär, aşgazanasty mäziň insulini bölüp çykarmagyny kadalaşdyryjydyr, onuň kürejikleri süýji keselinde ganyň düzümindäki şekeri peseltmekde ulanylýar.

Munuň üçin, noýbanyň bir nahar çemçesi möçberindäki (15 g.) çaňňalagyny bir bulgur (200 ml.) gaýnag suwa atyp, bir sagat goýmaly, soňra süzmeli. Taýýar bolan jöwheri gün içinde 3 ýola nahardan 20 minut öň 1/3 bulgurdan (65 ml.) kabul etmeli. Bu melhem ganyň düzümindäki şekeri peseltmäge haýyrly. Şeýle–de noýba buşukdyryjy, antibakterial we çişleriň garşysyna serişde hökmünde ulanylýar.

Noýba çorba atylyp ýa-da pet görnüşinde ýürek işjeňliginiň kadasynyň bozulmasynda, böwregiň we peşew haltasynyň gaýnaglama kesellerinde we gaýtalanyp durýan bogun agyrysynda, semizlikde, gastritde, polinewritde peýdalanylýar.

Noýbanyň gury gülleriniň peti böwrekde daş emele gelende, miwesi saglygy berkidiji serişde hökmünde ulanylýar, tohumynyň tozy bilen ýanyklar bejerilýär.