Özbegistanyň öňdebaryjy toparlarynyň biri bolan Daşkendiň «Bunýodkorynda» çykyş edýän ildeşimiz Selim Nurmyradowyň toparynyň ýeňiş gazanmagyna saldamly goşant goşandygy barada «Türkmensporty» gazetiniň 2020-nji ýylyň 18-nji iýulyndaky sanynda neşir edilen «Ildeşlerimiziň şowly çykyşy» atly makalada beýan edilýär.

8-nji tapgyryň çäginde «Nowbahar» toparyny kabul eden «Bunýodkora» ýeňiş getiren üçünji topy geçiren Selim Nurmyradowyň möwsümdäki ikinji netijeli urgusyny öz adyna ýazdyrandygyny bellemek gerek. Türkmenistanly hüjümçiniň çykyş edýän topary bu duşuşykda 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýundan soň «championat.asia» saýtynda bu oýun bilen bagly çap edilen makalada geçirilen goluň hut Selim Nurmyradowyň görkezen ussatlygynyň netijesidigi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 22 utuk toplan «Pahtakor» birinji orny eýeleýär.

Arslanmyrat Amanowyň çykyş edýän AGMK topary bolsa toplan 21 utugy bilen ikinji orunda ornaşmagy başardy. 16 utugy bolan «Bunýodkor» topary 5-nji orunda barýar.