Tokioda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen Olimpiýa oýunlary indiki ýylyň 23-nji iýulynda, Paralimpiada oýunlary bolsa 24-nji awgustda başlanar. Bu barada NHK teleýaýlymyna salgylanmak bilen ТАСС habar berýär.

Berilýän maglumatlara görä, bu barada Halkara olimpiýa komiteti, «Tokio—2020»-niň guramaçylyk komiteti, ýaponiýanyň paýtagtynyň häkimiýeti we Ýaponiýanyň hökümeti bilen ylalaşyga gelnipdir. Olimpiýa oýunlary 8-nji awgustda, Paralimpiada oýunlary bolsa 5-nji sentýabrda tamamlanar.

Halkara olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bahyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe we «Tokio—2020»-niň baştutany Ýosiro Mori bilen 24-nji marta telefon arkaly geçiren gepleşikleriniň netijesinde koronawirus sebäpli oýunlary geçirmek baradaky ylalaşyga gelindi. Taraplar Olimpiadanyň başlanmagyna galan wagtyň içinde dünýä sporty koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly sarsgyndan aýňalyp ýetişmez diýen netijä geldiler. Ýaryşlar 24-nji iýuldan 9-njy sentýabra çenli geçiriler.

Uly maliýe ýitgilerini çekmezlik üçin Halkara olimpiýa komiteti uzak wagtlap Olimpiada—2020-niň geçirilmeli möhletini süýşürmekden boýun gaçyryp gezdi. Munda iň uly ýitgi taýýarlyk görmäge azyndan 12 milliard amerikan dollaryny harçlan Ýaponiýanyň paýyna düşýär. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, oýunlaryň möhletiniň süýşürilmegi mahabatlandyryjylara 1 milliard dollardan gowrak zyýan ýetirer. Milli olimpiýa komitetleriniň we gatnaşyjy ýurtlaryň ýitgileri entek hasaplanylmady.