2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilýän ýurdumyzyň birinjiliginde ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, onda “Balkan” topary öňe saýlanmagy başardy.

Ikinji tapgyrdan soň 6 utuk toplan «Balkan» topary ýaryş tertibinde öňdäki orny eýeleýär. Geçirilen duşuşyklardan soň “Ahal”, “Daşoguz”, “Aşgabat” hem-de “Şagadam” toparlary 3 utukdan topladylar.

Daşoguz şäherinde dowam edýän birinjiligiň üçünji tapgyryň duşuşyklary 17-nji iýunda geçiriler.

Welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 7-siniň gatnaşmagynda geçirilýän birinjiligiň ýeňijileriniň bir aýlawda geçirilýän bäsleşigiň netijesinde kesgitlenilýändigini ýatladýarys.

 

II tapgyryň netijeleri:

«Mary» – «Aşgabat» – 1:3

«Balkan» – «Lebap» – 3:2

«Şagadam» – «Daşoguz» – 3:1

 

Ýaryş tertibi:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Balkan» 2 2 0 0 6-3 6
2. «Ahal» 1 1 0 0 2-0 3
3. «Daşoguz» 2 1 0 1 4-4 3
4. «Aşgabat» 2 1 0 1 4-4 3
5. «Şagadam» 2 1 0 1 3-3 3
6. «Lebap» 1 0 0 1 2-3 0
7. «Mary» 2 0 0 2 2-6 0

 

III tapgyryň duşuşyklary (17.06.2020 ý.):

08:30   «Lebap» – «Şagadam» (Geçirilýän ýeri: S.A.Nyýazow etr. Daşoguz ş., 2-nji Sport desga)

08:30   «Aşgabat» – «Balkan» (Geçirilýän ýeri: «Garaşsyzlyk» sport desgasy. Daşoguz ş.)

18:30   «Ahal» – «Mary» (Geçirilýän ýeri: «Garaşsyzlyk» sport desgasy. Daşoguz ş.)